
Mugallymçylyk käriniň aňyrsynda uly bir iş we dürli pedagokiki usullar ýatyr. Mugallym diňe bir şahsyýetiň ýaşlykdan öz ugruna gadam basmagyna kömek etýän adam bolman, eýsem mugallym öz okuwçysynyň saýlan ýolunyň bir sebäbi hem bolup biler.
Şu sözler bilen, podkastymyzyň bu sanynda, 24 ýyllap mugallymçylyga özüni beren Sylap Ataýew bilen gürrüňdeş bolarys. Bu sanymyzda Sylap Ataýew siz bilen mugallymçylyk, dumuş, ýaşlar we ylym-bilim barada öz pikirlerini paýlaşar.