Home
Categories
EXPLORE
Society & Culture
True Crime
Music
Religion & Spirituality
Comedy
Business
Technology
About Us
Contact Us
Copyright
© 2024 PodJoint
00:00 / 00:00
Sign in

or

Don't have an account?
Sign up
Forgot password
https://is1-ssl.mzstatic.com/image/thumb/Podcasts116/v4/76/34/d2/7634d2d5-8b12-cc4b-89a9-b19552581b68/mza_11879012139527456847.jpg/600x600bb.jpg
Dünýä Türkmenleri
AÝ/AR
250 episodes
1 week ago
Bu gepleşikde türkmenleriň dünýägaraýşy, ýaşaýyş medeniýeti we türkmen jemgyýetiniň ösüş ýoly, şeýle-de dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan etniki türkmenleriň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri barada synlary we söhbetdeşlikleri diňläp bilersiňiz. Gepleşik her hepdäniň ýekşenbe güni efire gidýär.
Show more...
Society & Culture
RSS
All content for Dünýä Türkmenleri is the property of AÝ/AR and is served directly from their servers with no modification, redirects, or rehosting. The podcast is not affiliated with or endorsed by Podjoint in any way.
Bu gepleşikde türkmenleriň dünýägaraýşy, ýaşaýyş medeniýeti we türkmen jemgyýetiniň ösüş ýoly, şeýle-de dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan etniki türkmenleriň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri barada synlary we söhbetdeşlikleri diňläp bilersiňiz. Gepleşik her hepdäniň ýekşenbe güni efire gidýär.
Show more...
Society & Culture
Episodes (20/250)
Dünýä Türkmenleri
DT: 'Men ýol ýazgylarymda özge ýurtlar bilen türkmen dünýäsiniň arasynda baglanyşyk gözledim' – ýazyjy
Biz geçen gepleşigimizde Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hallynyň golaýda çapdan çykan täze edebi eserleri barada ýazyjynyň özi bilen söhbetdeşlik geçirdi. Nobatdaky programmamyzda şol gürrüňdeşligiň ikinji bölümi diňleýjileriň dykgatyna ýetirilýär.
Show more...
2 months ago
15 minutes

Dünýä Türkmenleri
Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysynyň uly göwrümli, täze edebi eserleri çapdan çykdy
Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany täze edebi eserleriň awtory, Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally bilen söhbetdeşlige gönükdirilýär.
Show more...
2 months ago
15 minutes

Dünýä Türkmenleri
DT: 'Taliban' häkimiýetiniň dört ýyllygynyň fonunda owgan türkmenleri bosgunlykda syýasy partiýa döretdi
Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany asly owganystanly etniki türkmenleriň bosgunlykda täze syýasy partiýa esaslandyrmagyna gönükdirilýär we soňky täzeligiň fonunda bu ýurtda ýaşaýan türkmen azlyklarynyň meselelerine çyra tutmaga çalyşýar.
Show more...
3 months ago
15 minutes

Dünýä Türkmenleri
DT: Tireparazlyk we ýerliçillik çekişmeleri halk bilen häkimiýetiň barlyşyk boşlugyny 'açyp görkezýär'
Azatlyk Radiosynyň Dünýä Türkmenleri programmasynyň nobatdaky sany türkmen jemgyýetinde has-da aktuallaşan tireparaz we ýerliçil garaýyşlara ýakyndan syn etmäge synanyşýar.
Show more...
3 months ago
15 minutes

Dünýä Türkmenleri
DT: Türkmenleriň çarwa we çomur ýaşaýyş medeniýeti, türki halklaryň mifologiýasy barada söhbet
Dünýä Türkmenleri gepleşigimiziň nobatdaky sany ýaňy-ýakynda Türkiýede ‘professor’ ylmy adyny alan asly türkmensähraly sungat taryhyny öwreniş ylymlarynyň doktory Abdyrahman Düýeji bilen türkmenleriň ýaşaýyş medeniýeti barada geçirilen söhbetdeşligiň ikinji bölümini diňleýjileriň dykgatyna ýetirýär.
Show more...
5 months ago
15 minutes

Dünýä Türkmenleri
DT: Türkiýede 'professor' ylmy adyny alan etniki türkmen ylym ýolunyň sepgitleri barada gürrüň berýär
6 months ago
15 minutes

Dünýä Türkmenleri
DT: 1941-1945-nji ýyllaryň urşy türkmenler üçin, hakykatdan-da, Beýik Watançylyk urşy boldumy?
Şu ýyl II Jahan urşunda Nazi Germaniýasyndan üstün çykylmagynyň 80 ýyllygy bellenip geçilýär. 1941-1945-nji ýyllaryň urşy Türkmenistanyň döwlet mediasynda Beýik Watançylyk urşy atlandyrylýar. Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany şu tema gönükdirilýär.
Show more...
6 months ago
15 minutes

Dünýä Türkmenleri
DT: Türkmenistanda azat metbugatyň duçar galan täleýi
Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany 3-nji maý – Bütindünýä metbugat azatlygy güni mynasybetli erkin metbugatyň Türkmenistandaky ýagdaýyna gönükdirilýär.
Show more...
6 months ago
15 minutes

Dünýä Türkmenleri
DT: Etniki azlyklaryň öz milli atlaryna 'girizilýän gadaganlyk' medeni hukuklaryň çäklendirilmegi bolýar
Adam atlary boýunça Türkmenistandan gelip gowuşýan soňky täzelikleriň fonunda, Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany türkmen adam atlarynyň aýratynlyklaryna, etniki azlyklaryň medeni hukuklaryna gönükdirilýär.
Show more...
7 months ago
15 minutes

Dünýä Türkmenleri
DT. Mekdeplerde okadylýan sapaklar hakyky durmuş bilen, dünýä bilen aýakdaş gitmeli – synçy
Dünýä Türkmenleri gepleşigimiziň nobatdaky sany soňky täzelikleriň fonunda Türkmenistanyň bilim ulgamyna gaýtadan nazar aýlamaga synanyşýar.
Show more...
7 months ago
15 minutes

Dünýä Türkmenleri
DT: Merkezi Aziýanyň syýasy sahnasynda dolandyryjy maşgalalaryň gyzlary 'ýumşak diplomatiýa' ymtylýarmy?
Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany Merkezi Aziýa sebitinde, şol sanda Türkmenistanda aýal-gyzlaryň syýasatdaky ornuna nazar aýalmaga çalyşýar.
Show more...
7 months ago
15 minutes

Dünýä Türkmenleri
DT: Meşhur türkmen bagşysy Sahy Jepbaryň 120 ýyllygy bellendi
Şu ýyl Türkmenistanda meşhur türkmen bagşysy Sahy Jepbarowyň doglan gününiň 120 ýyllygy bellenýär. Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany türkmenleriň arasynda "özboluşly sungat mekdebine öwrülen" ussat bagşynyň ýubileý toýuna bagyşlanýar.
Show more...
8 months ago
15 minutes

Dünýä Türkmenleri
Diňle: Türkmen dilinde alynma sözler nähili millileşdirilýär? (2-nji bölüm)
Programmamyzyň nobatdaky sanynda türkmen diliniň käbir häzirki zaman meseleleri, şol sanda dildäki alynma sözleriň millileşdirilmegi ýaly temalar boýunça türkmen dilçisi we ýazyjy Hudaýberdi Hally bilen geçiren söhbetdeşligimiziň ikinji bölegini diňleýjilerimiziň dykgatyna ýetirýäris.
Show more...
8 months ago
15 minutes

Dünýä Türkmenleri
DT: Türkmen dilinde alynma sözler nähili millileşdirilýär?
Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany häzirki zaman türkmen dilindäki alynma sözleri millileşdirmek boýunça alnyp barylýan tagallalara syn edýär.
Show more...
8 months ago
15 minutes

Dünýä Türkmenleri
DT: Türkmenlerde 'territorial bitewilik' we 'ruhy birlik' ýörelgeleriniň geçen sepgitleri
Programmamyzyň nobatdaky sany türkmenleriň düşünje dünýäsinde, pikir örüsinde we syýasy gözýetiminde döwletlilik we territorial bitewilik ýörelgeleriniň tutýan ornuna nazar aýlaýar.
Show more...
8 months ago
15 minutes

Dünýä Türkmenleri
DT: Türkmensähra bilen arada serhet çekip, türkmen ilatyny 'emeli diwar bilen böldüler'
Dünýä Türkmenleri programmamyzyň Eýranda ýaşaýan etniki türkmenleriň durmuşyna bagyşlanýan gepleşikler tapgyry dowam edýär.
Show more...
9 months ago
15 minutes

Dünýä Türkmenleri
DT: Türkmensähra asyrlarboýy türkmenleriň mekan tutan taryhy mesgeni boldy - Abdyrahman Düýeji
Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany Eýranda ýaşaýan etniki türkmenleriň durmuşyndan söhbet açýar.
Show more...
9 months ago
15 minutes

Dünýä Türkmenleri
Eýranyň 'türkmen şäherine' etniki türkmen häkim bellendi, ýöne 'demografik inženerçilik' dowam edýär
Programmamyzyň bu sany Eýranda türkmenleriň köplük bolup ýaşaýan iri şäherleriniň birinde gelip çykyşy boýunça etniki türkmeniň häkim wezipesine bellenmegini, şol bir wagtda, bu ülkede türkmen azlyklarynyň medeni hukuklarynyň basgylanmagynyň dowam etdirilmegi boýunça aladalary üns merkezine çekýär.
Show more...
9 months ago
15 minutes

Dünýä Türkmenleri
DT: Pyragy we Puşkin milli medeniýetlere 'gönezlik' bolmak jähetden birmeňzeş wezipeleri 'ýerine ýetirdi'
Azatlyk Radiosynyň Dünýä Türkmenleri programmasy 2024-nji ýylda at-owazasy jahana dolan Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllgyna bagyşlanýan gepleşikler tapgyrynyň ikinji bölümi bilen dowam edýär.
Show more...
10 months ago
15 minutes

Dünýä Türkmenleri
DT: 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň dabarasy dag aşdy
Türkmenistanda  “Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” atlandyrylan 2024-nji ýyl tamamlanýan mahaly, Dünýä Türkmenleri gündogaryň beýik akyldarynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan möhüm ýylyň edebi agramyna syn edýär, bu tema boýunça ýazyjy we synçy Hudaýberdi Hally bilen söhbetdeşlik geçirýär.
Show more...
10 months ago
15 minutes

Dünýä Türkmenleri
Bu gepleşikde türkmenleriň dünýägaraýşy, ýaşaýyş medeniýeti we türkmen jemgyýetiniň ösüş ýoly, şeýle-de dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan etniki türkmenleriň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri barada synlary we söhbetdeşlikleri diňläp bilersiňiz. Gepleşik her hepdäniň ýekşenbe güni efire gidýär.